Aşgabat, 15.06.2003 ỳ. – Bütindünỳä Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy ỳedi sany döwlete dahylsyz guramasyna umumy möçberi ABŞ-nyň 25 müň dollaryna barabar bolan granty yglan etdi. Bu grantlar KGM çäginde yglan edilip, jemgiỳetiň gowşak we çetleşdirilen toparlarynyň mümkinçiliklerini ỳokarlandyrmak we raỳatlaryň özara gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen berildi. Dalaşgär taslamalaryň 51-si takyk gözden geçilenden soň Bütindünỳä bankynyň Kiçi Grantlar Maksatnamsynyň talaplaryna has gabat gelỳän 7 taslama emin agzalary tarapyndan maỳa goỳum howandarlygyna mynasyp görüldi. KGM-nyň ỳeňijileri diỳilip şu aşakdaky döwlete dahylsyz guramalar yglan edildi: 1. Türkmenistanyň Ekologiỳa Fondy (Aşgabat, Türkmenistan) Taslama çölüň ỳaşaỳjylaryna (esasan hem çopanlara) agyz suwy görnüşinde ulanylmaỳan dürli suw çeşmelerinden, howpsyz suwy çykarmaga kömek edỳär. Şeỳlelikde pes hilli suw satyn almak üçin bỳüjet harajatlaryny hem azaltmak mümkinçiligi döreỳär. Ỳerli arkalaşyklaryň islegi boỳunça çap ediljek düzgünler esasynda topar döredilip, netijeli tejribäniň goňşylar bilen paỳlaşylmagy taslama tarapyndan göz öňünde tutulỳar. Netijeli tejribäniň diňe bir gurak ỳerlere däl-de eỳsem ekologiki howp astynda bolan ỳerlere-de ỳaỳbaňlaşdyrylmagy maksat edilär(şäher obalar we ş.m. ỳaly ỳerlerde). 2. “Guşgy” Döwlete Dagylsyz Guramasy (Serhetabat, Türkmenistan) Taslama ỳaş-ỳetginjekleriň sport bilen giňişleỳin meşgurlanmagyny üpjün edỳär. Bu bolsa olaryň narkotik serişdelerinden daş bolmagyna goşant goşỳar. Bu çäreler, narkotik ỳa-da başga serişdeleriň baglylygyndan ejir çekỳän adamlaryň ünsini tälimçileriň we çap edilen beỳleki peỳdaly makalalardyr gönükmelere çekmegi başarỳar. Taslamanyň amala aşyrylmagynda esasy serişde bolup, gowşak toparlaryň işjeňligi saỳasynda tälimlerden netijä tarap hereket etmek çykyş edỳär. 3. “Nargiz” Aỳal-Gyzlar Döredijilik Topary (Seỳdi, Türkmenistan) Taslama işsiz zenanlaryň el işlerini öwrenmeklerine (biçim-tikin, örmek we ş.m.) ỳa-da ol hünärleri öwretmeklerine mümkinçilik döredip, olaryň belli bir girdeỳjä eỳe bolmaklaryna ỳardam berỳär. Teoretiki we amaly okuw bilen bir hatarda jemgiỳet habarlylygy tarapyndan kiçi kärhanalaryň emele getirilmegi maksatly ukyp elỳeterliligi babatynda, taslamalar goňşy jemgiỳetçilik birleşmeleri tarapyndan gaỳtalamak isleỳänler üçin gowy mysal bolup durỳar. 4. “ Arkadag” Döwlete Dagylsyz Guramasy (Aşgabat, Türkmenistan) Taslama narkomaniỳanyň öňüni almak göreşinde halkyň täsirini ỳokarlandyrmagy, narktiki maddalary ulanỳanlaryň maşhalalarynda söhbetdeşlik we maglumatyň beỳleki degişli maşgalalara ỳaỳradylmagy çäreleri arkaly ỳerine ỳetirmegi meỳilleşdirỳär. Taslama kanun goraỳjylar bilen kanun bozujy maşgalalaryň arasynda ysnyşykly we ynamdar gatnaşyklary ỳola goỳmaga ỳardam edỳär. Bu bolsa Döwlete Dahylsyz Guramalaryň, döwlet we dini guramalaryň arasyndaky bileleşip işlmelerini giňelder. 5. “Daỳhanlar Üçin Ekologiỳa Mekdebi” Döwlete Dagylsyz Guramasy (Aşgabat, Türkmenistan) Bu taslamadan garaşylỳan netije şulardan ybarat: 250 daỳhan we kärendeçi üçin täze zyỳan berijiler we olara garşy hemmetaraplaỳyn göreşmek hakynda maglumat täzelemek mümkinçiligi, keselleri azaltmak we zyỳan berijileri gözegçilik astynda saklamak üçin ỳerli birleşmeleriň ähli agzalarynyň umumy ukyplary, hem-de ỳeriň öndürijilik derejesiniň ỳokarlanmagy. Göz öňünde tutulỳan toparyň sanynyň barha köpelmegine garaşylỳar. Bu bolsa maşgalalaryň gatnaşyk etmeleri arkaly maglumatlaryň dilden ỳaỳradylmagy görnşinde bolar. 6. Merkezi Aziỳa boỳunça hünär Asosiỳasiỳasynyň goldamagynda “Halk Hünärleri” Döwlete Dagylsyz Guramasy (Aşgabat, Türkmenistan) Taslamanyň esasy maksady, tebigi boỳaglary dikeltmek we ekologiki taỳdan howpsyz harytlary öndürmek arkaly kiçi kärhanalary özgertmegiň ỳollaryny ỳaỳbaňlaşdyrmak üçin, obaly zenanlaryň ỳerli birleşmler toparlaryna gatnaşmagyny ỳokarlandyrmakdan ybarat. 7. “Maşgala, ýumşak ýüreklilik we Saglyk” Döwlete Dagylsyz Guramasy (Abadan, Ahal welaỳaty, Türkmenistan) Taslama ỳaşlara olary gurşap alỳan ỳagdaỳda özleriniň başlangyçlary saỳasynda hünär we baştutanlyk seminarlaryna gatnaşmalary netijeinde kiçi kärhanalary döretmek hakynda ukyplylyk derejelerini ỳokarlandyrmak arkaly, girdeỳji gazandyrỳar. ỳaşlar Döwlete Dagylsyz Guramalarynda höwesjeňler hökmünde işlemäge çagyrylỳarlar, bu bolsa olaryň mümkinçiliklerini ỳokarlandyrỳar. |