Click here for search results

Kiçi Grantlar Maksatnamasy

Available in: русский, English

2008-nji ýylyň Kiçi Grantlar Maksatnamasy açyldy.

 

2008-nji yylyn arzanyn gornusi (Rus dilinde)

 

2008-nji yylyn arzanyn yazylysy boyunca gollanma (Rus dilinde)

 

Grant arzalary yazylysy boyunca gollanma (Rus dilinde)

 


 

Maksatnama hakynda

 

Kiçi Grantlar Maksatnamasy Bütündünýä Bankynyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny göz öňüne alýan sosial ösüş meselelerini tamamlaýar we olara ýardam berýär. Jemgyýetçilik gatnaşyklary, aýry-aýry raýatlaryň we guramaçylyk toparlarynyň döwlet edaralary bilen işleşip, özgeriş netijelerine täsir etmek güýji bilen kesgitlenýär.

Jemgiỳetçilik Gatnaşyklarynyň Netijesi

 

Ilatyň gowşak toparlarynyň mümkinçiliklerini ỳokarlandyrmagyň has ähmiỳetli usullary şulardan ybaratdyr: maglumatlary öwrenmek mümkinçiligi, beỳleki ugurlar boỳunça işleỳän guramalar bilen özara gatnaşyklary ỳola goỳmak mümkinçiligi, jemgyỳetde bolup geçỳän wakalara täsir edip bilmek ukyby, ỳerli we milli häkimiỳet edaralary bilen kabul ediljek kararlar barada gepleşiklere gatnaşmak mümkinçiligi, ynam gazanan ỳerli we milli institutlaryň bolmagy, şeỳle hem raỳat jemgyỳetiniň işini kadalaşdyrỳan syỳasy we hukuk düzgünleriň bolmagy. Hökümete dahylsyz ulgamda işleỳän guramalar öz döwletiniň raỳatlaryny garyplyga garşy göreşe çekmekde möhüm orun eỳeleỳär.

Şeỳlelikde, KGM-niň grantlary jemgyỳet durmuşyndan has üzňelikde bolan we çetleşdirilen aỳry-aỳry raỳatlary we jemgyỳetçilik toparlary goldamaga gönükdirilen başlangyçlary amala aşyrỳan jemgyỳetçilik guramalary üçin niỳetlenendir.

 

Arzaňyzy tabşyrmazdan öň...

 

KGM gelip gowuşỳan teklipnamalaryň diňe kiçi böleginini goldap bilỳär. Taslamalaryň köpüsinden ỳüz dönderilỳändiginiň sebäbi olaryň goldanmaga mynasyp däldigi däl-de, şol taslamalaryň KGM-niň häzirki döwür wezipelerine ỳa-da bäsleşik şertlerine doly laỳyk gelmeỳändigindendir. Grantlary almak ugrunda bäsleşik derejesi örän ỳokary goỳar, we bỳujetiň çäkliligi  sebäpli, KGM-niň teklipnamalarda beỳan edilỳän peỳdaly başlangyçlaryň ählisini goldamaga mümkinçiligi ỳetmeỳär.

 

Arzaňyzy tabşyrmazdan öň, taslamaňyzyň talap edilỳän şertleriň ählisine laỳyk gelỳändigini kesgitlemek üçin, şu gollanma bilen tanyş boluň. Goşmaça maglumatlary hem-de arzanyň nusgasyny almak üçin, http://www.worldbank.org/tm web-sahypasyna, ỳa-da Bütindünỳä bankynyň wekilhanasynda ỳa-da sdjepbarov@worldbank.org e-mail arkaly ỳüzlenip bilersiňiz.

 

Arzany kim tabşyryp biler?

 

Granty almak üçin Türkmenistanyň çäginde hereket edỳän we ösüş meseleleri bilen meşgullanỳan jemgyỳetçilik guramalaryň islendigi ỳüz tutup biler. Emma KGM, peỳda gazanmak niỳeti bolmadyk, hökümete dahylsyz  we akademiki däl guramalaryna artykmaçlyk berỳär. Guramalar durnukly, maliỳe taỳdan mäkäm we jemgyỳetde abraỳly bolmaly. Şeỳle hem, geçen ỳyllarda KGM tarapyndan maliỳe kömegini almadyk guramalarda artykmaçlyk bolar (KGM tarapyndan bir gurama bäş ỳylyň dowamynda üç grantdan köp berilmeỳär).

 

KGM haỳsy iş ugurlaryny goldaỳar?

KGM esasy maksady jemgyýetçilik gatnaşyklary bolan taslamalary goldaýar. We şu şertlere gabat gelýän taslamalara hem howandarlyk edýär:

Taslamalar seminar we konferensiýalar geçirip biler, emma olar bilen çäklenmeli däldirler. Bu çäreler jemgyýetçilik gatnaşyklaryny we/ýa-da bilim derejesini ýokarlandyrmak maksatly bolmaly däldir; jemgyýetiň durmuşyna ýa-da hyzmatlaryna täsir edýän çözgütlere gatnaşmak üçin täze oýlap tapmalar.

Taslama grantyň berlen gününden başlap bir ýylyň dowamynda tamamlanmalydyr. Geçen ýyllarda grant almadyk guramalara aýratyn üns beriljekdir.


Işiň haỳsy görnüşleri KGM tarapyndan goldanylmaỳar?

 

Aşakda sanalyp geçilen işler üçin KGM boỳunça grantlar berilmeỳär:

  • ylmy-barlag maksatnamalary;
  • tejribäni ỳokarlandyrmak boỳunça akademiki maksatnamalarty;
  • hereketde bolan taslamalar;
  • ulanylỳan institusional goldawy (mysal üçin, enjamlar bilen kömek etmek);
  • talyp haklary, okuw ỳa-da ylmy maksatnamalary;
  • öz adyndan ỳüz tutỳan hususy şahslara, şeỳle hem ỳuridik hasaba alynmadyk birleşiklere maliỳe kömegi.

Teklip edilỳän işleriň görnüşleri häsiỳeti boỳunça Bütindünỳä bankynyň Türkmenistanda amala aşyrỳan maksatnamalaryň bölegi bolmaly däldidr.

 

Berilỳän grantlaryň möçberi näçe?

 

Türkmenistanda aỳry bir grantyň möçberi ABŞ-nyň 7.000 dollaryndan köp bolmaỳar. Seỳrek ỳagdaỳlarda KGM käbir taslamalar üçin hasabatda görkezilen umumy jykdajylaryň ỳarysyndan köpüsine hemaỳat edỳär. Şonuň üçin, KGM-niň kömegi bilen başga çeşmelerden goşmaça düşewünt düşürip biljek taslamalar ileri tutulỳar. Grant üçin ỳüz tutỳan guramalar Bütindünỳä bankynyň grantynyň olara başga hemaỳatkärlerden serişdeleri almaga nähili kömek etjekdigini beỳan etmelidirler.


Grant üçin nähili ỳüzlenmeli?

 

Kiçi grantlar maksatnamasyna ỳolbaşçylyk etmek wezipesi Bütindünỳa bankynyň Hemişelik wekilhanalaryna tabşyryldy. Arzlaryňyzy we teklipnamalaryňyzy Bütindünỳa bankynyň baş edarasyna ibermezligiňizi haỳyş edỳäris, sebäbi bu maksatnama merkezleşdirilmedik bolup, bäsleşigiň netijeleri boỳunça kararlar Hemişelik wekilhanalar  tarapyndan her ỳurtda özbaşdak kabul edilỳär.

 

Berlen nusga boỳunça doldurylan we öz içinde gerekli maglumatlary jemleỳän arzalar maksatnama yglan edilenden so Bütindünỳa bankynyň Wekilhanasyna tabşyrylỳar. Arzany teklip edỳänişiňizi başlamagyňyzdan ozal iberseňiz oňat bolar. Arzany ibermekden öňürti dalaş edỳän guramalar maksatnamanyň düzgünleri, baha bermegiň hem-de seçip almagyň şertleri bilen ünsli tanyşmaly.

 

Türkmenistanda arzalary her ỳyl kabul edỳaler. Arzalary gözden geçirmek işi bir aỳdan iki aỳa çenli dowam edip biler. Arzalaryň sanynyň köp bolmagy sebäpli, bäsleşigiň netijeleri resmi usulda yglan edilỳänçä, edara gelmekden we jaň etmekden saklanmagyňyzy haỳyş edỳäris.

 

Arzalar rus ỳa-da iňlis dilinde aşakda görkezilen salgy boỳunça poçta ỳa-da faks arkaly iberilmeli.

 

Bütindünỳa bankynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy

744000, Aşgabat ş., Galkynyş köç., 40

Birleşen Milletler Guramasynyň jaỳy, 4-nji gat

Tel.:(993 12) 35-04-77

Faks : (993 12) 35-16-93

e-mail: sdjepbarov@worldbank.org

 

Goşmaça serişdeler

 

2008-nji yylyn arzanyn gornusi (Rus dilinde)

 

2008-nji yylyn arzanyn yazylysy boyunca gollanma (Rus dilinde)

 

Grant arzalary yazylysy boyunca gollanma (Rus dilinde)




Permanent URL for this page: http://go.worldbank.org/V1TVBJVXI0