Türkmenistan Bütindünýä Bankyna haçan agza boldy? Türkmenistan Bütindünýä Bankyna 1992-nji ýylda agza boldy. Dowletlere Bütindünýä Bankynyň düzüminde nähili wekillik edilýär? Bütindünýä Banky agza döwletleriň öz wekilleri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Ähli möhüm çözgütler, iki esasy organ tarapyndan kabul edilýär. Bular Ýolbaşçylar Geňeşi we Wagtlaýyn Ýerine Ýetiriji Müdürler Geňeşidir. Häzirki wagtda Bütindünýä Bankynda hemişe Waşingtonda bolan 24 sany Wagtlaýyn Ýerine Ýetiriji Müdür bardyr. Banky döretmek hakyndaky ylalaşyga laýyklukda bu müdürleriň bäşisiniň bankda iň köp maýa paýyna eýe bolan agza döwletlerden bolmalydyr. Bu döwletler bolsa: Fransiýa, Germnaiýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygy we Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr.
Wagtlaýyn Ýerine Ýetiriji Müdürleriň galan 19-sy beýleki döwletlerdendir. Wagtlaýyn Ýerine Ýetiriji Müdürleriň hersi, döwlet ýa –da döwletler topary tarapyndan her iki ýyldan saýlanýandyr.
Türkmenistana Bütindünýä Bankynda nähili wekillik edilýär? Türkmenistana başga 7 döwlet bilen bir hatarda jenap Michel Mordasini tarapyndan wekillik edilýär. Orunbasar ýerine ýetiriji müdir bolsa jenap Ýakub Karnowskiýdir.
Has köp bilmek:
Her döwlet üçin Wagtlaýyn Ýerine Ýetiriji Müdürleriň doly sanawy
Bütindünýä Bankyna wkiller nähili sýlanýar
Türkmenistan aksiýalaryň näçesine eýe?
Türkmenistan 52,6 million ABŞ dollaryna umumy aksiýalaryň 0,03 göterimine deň bolan möçberine eýedir. Türkmenistan sesleriň näçesine eýe? Türkmenistanyň umuumy sesleriň 0,05 göterimine deň bolan 776 sesi bardyr. Her döwlete degişli sesleriň sany barada giňişleýin maglumat
Bütindünýä Bankynyň düzüminde kabul ediýän çözgütler barada men nädip bilip bilerin? Aşakdaky takwim wagtlaýyn ýerine ýetirijileriň iş görüşmeleriniň meýilnamasyny öz içine alýar.
|