Click here for search results

Dünýä Banky Türkmenistanyň ministrlikleri we döwlet edaralary üçin "Türkmenistanda howa we klimata degişli ýetirilýän hyzmatyň netijeliligini artdyrmak" boýunça okuw seminaryny geçirýär

Available in: English, русский
Series #:2008/005/TM

Habarlasjak adamynyz:

 

Waşingtonda: Wladimir Tsirkunow

Tel: +1-202-458-2326

vtsirkunov@worldbank.org

 

Aşgabatda: Serdar Jepbarow 

Tel: (+993 12) 350477

sdjepbarov@worldbank.org

 

Aşgabat, 2008-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30 – 2008-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-nda Dünýä Bankynyň topary Türkmenistanyň ministrlikleri we döwlet edaralary üçin okuw seminaryny geçirdi. Seminaryň maksady Milli Gidrometereologiýa kommitetiniň ýurduň çäginde howa we klimata degişli ýetirýän hyzmatynyň netijeliligini artdyrmak üçin Dünýä Bankynyň tehniki ýardamy boýunça taýýarlan maglumatyny we tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Ösüş ministrliginiň, Milli Gidrometereologiýa kommitetiniň we dürli-dürli tehniki hyzmatlary üpjün edýän ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milli Gidrometereologiýa komitetiniň hyzmatdaşlygynda we goldawynda geçirilen ýarym günlik seminara gatnaşdylar.

 

Geçirilen şol çäräniň esasy wezipeleri (i) tehniki ýardam bermek ugrunda edilýän kömek barasynda, maksatlary we gazanylan ilkinji netijeler barasynda giňişleýin gürrüň bermek; (ii) gidrometereologik maglumatdan netijeli peýdalanmak arkaly goşmaça ykdysady peýda görmekde we tebigy betbagtçylyk töwekgelçiligini dolandyrmak işini kämilleşdirmekde ýetirilýän kömegiň bähbidini görýän esasy taraplar bilen Türkmengidrometiň durkuny täzelemegiň we onuň hyzmatlaryny we maglumatyny kämilleşdirmegiň aşa ähmiýetli bolup durýandygyny ara alyp maslahatlaşmak; (iii) Türkmenistanda howa we klimata degişli ýetirýän hyzmatlary kämilleşdirmeklige niýetlenen iş meýilnamasyny işläp düzmek we Bankyň özge ýurtlarda toplan tejribesine esaslanyp şeýle hyzmatyň döwrebaplaşdyrma ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak boldy.

 

Seminaryň barşynda edilen çykyşlaryň esasylary gidrometeorologik howplaryň, şol sanda klimatyň özgermegi ýaly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirleri, howa bagly bolup durýan pudaklaryň zerurlyklarydyr-hajatlaryny kesgitlemek, gidromet hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak, Türkmengidrometiň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda görüljek ykdysady bähbitleri kesgitlemek ýaly meselelere degip geçdi, şeýle hem Dünýä Bankynyň Gidrometi döwrebaplaşdyrmak boýunça başga ýurtlarda toplan tejribelerini mysal edip getirdi.

Milli gidrometeorologiýa komitetiniň howa maglumaty ulgamyny halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak işi weýran ediji täsirli howa şertleri zerarly we klimatyň özgermegi sebäpli garaşylmadyk ýerden boljak ykdysady çykdajylary görnetil azaltmakda ýurda ýardam berer. Howany öňünden çaklamak işini döwrebaplaşdyrmak we adaty jemgyýetçilik hyzmatyny ýetirmek işini kämilleşdirmek arkaly ýurduň ykdysady ösüşüne ygtybarly goşant edip bolýar.

***

 

1992-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-sinde Türkmenistan Dünýä Bankynyň toparynyň Maddalar Ylalaşygyna gol çekdi. Türkmenistana Ýurda ýardam bermek boýunça Ilkinji Başugry (ÝÝB) Dünýä Bankynyň Geňeşiniň garamagyna 1997-nji ýylyň maý aýynyň 27-sinde tabşyryldy. 1996-njy ýylda Dünýä Banky Aşgabatda öz edarasyny açdy. Onuň maksady ýurduň hökümeti bilen aragatnaşygy ýola goýmak we onuň alyp barýan işine ýardam bermek boldy. Häzirki wagytda Dünýä Bankynyň topary 2008-2010 ýyllar üçin Türkmenistanyň durmuşa geçirýän maksatnamasynyň orta möhletleýin strategiýasyna degişlilikde taýýarlan hasabatyna teklipler we bellikler taýýarlaýar.




Permanent URL for this page: http://go.worldbank.org/TVY432GDX0